04.03.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda agzybir halkymyz parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar.
Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk ulgamynda möhüm orun eýeleýän “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan häzirki döwürde hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we elektron söwdany ösdürmek ugrunda maksada okgunly işler alnyp barylýar. Döwletimiziň sanly ykdysadyýeti ösdürmek baradaky strategiýasyna laýyklykda, poçta ulgamyny döwrebaplaşdyrmak kompaniýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir.
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy ilata, diýarymyzyň çägi we dünýäniň aglaba bölegi boýunça «EMS» hyzmatyny, ýurdumyzyň çägi boýunça «Salgydan-salga» «Çaparçylyk» hyzmatyny, Trek kod ýollamany yzarlamak usulyny, «Şahsy otag» hyzmatyny, «shop.post.tm» söwda platformasy, onlaýn abuna ýazylmak hyzmaty, şeýle hem täze sanly hyzmatlarynyň hatarynda «Çapar Pay» mobil goşundysy arkaly sanly hyzmatlary hödürleýär.
«Çapar Pay» mobil goşundysyndan peýdalanmak arkaly onlaýn görnüşde — fiziki hem-de ýuridiki şahslar üçin jemagat hyzmatlaryna, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugyna tölegleri tölemek, demir ýol we howa gatnaw peteklerini onlaýn satyn almak, ÄlemTV, Kabel TV, Belet Film, Belet Music, Aýdym.com, Hiňlen ýaly hyzmatlaryň, Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň tölegini tölemek, şeýle hem çapar çagyrmak, ýollamalary ugratmak, ýollamanyň ugry barada maglumat almak, döwürleýin neşirlere ýazylmak ýaly hyzmatlardan raýatlarymyz peýdalanyp bilýärler.
Kompaniýanyň resmi web-saýtyndan we «Çapar Pay» mobil goşundysyndan, ýurdumyzyň çäginde poçta ugratmalary sanly ulgam arkaly kabul etmäge, işläp taýýarlamaga, saýhallamaga, daşamaga, eltip bermäge we gowşurmaga, şeýle hem islendik içerki poçta ugratmany «Tracking» milli programma üpjünçiligi arkaly yzarlamaga mümkinçilik döredildi.
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy 1993-nji ýyldan bäri Bütindünýä Poçta Birleşmesiniň (UPU) agzasy bolup, häzirki güne çenli 192 sany daşary ýurt poçta operatorlary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp barýar.
Şonuň bilen baglylykda, halkara poçta ugratmalaryň alyş-çalşygyny dünýä standartlaryna laýyk getirmek, elektron maglumatlary alyşmak, halkara poçta ugratmalary yzarlamak we poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak maksady bilen, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Bütindünýä Poçta Birleşmesiniň «IPS» (International Postal System – halkara poçta ulgamy) we «CDS» (Customs Declaration System – gümrük deklarirleme ulgamy) sanly ulgamlaryna birikdirildi.
Bu bolsa öz gezeginde halkara poçta ugratmalary ygtybarly we netijeli ibermäge, olary yzarlamaga, logistika amallaryny awtomatlaşdyrmaga, müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, uly göwrümli maglumatlary çalt we howpsuz alyş-çalyş etmäge mümkinçilik döretdi.
Kompaniýanyň «IPS» we «CDS» sanly ulgamlaryna birikdirilmeginiň netijesinde, hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda dünýädäki iri elektron söwda platformalaryndan yzygiderli teklipler gelip gowuşýar.
Häzirki wagtda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy, daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmagy, logistikany işjeňleşdirmegi, elektron söwda meýdançalary we poçta ýollamalaryny eltip bermek boýunça häzirki zaman çözgütlerini ornaşdyrmagy dowam etdirýär.
Ýagny, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde soňky döwürde Omniva, «Amazon», «eBay», «AliExpress», «Rakuten», «Wildberries», «Adex», «Internet reşeniýa» ýaly daşary ýurtlaryň iri internet-söwda meýdançalaryndan, internet dükanlaryndan satyn alnan harytlaryň Türkmenistana iberilmegini guramak boýunça täze hyzmatlary ýola goýmak bilen bagly degişli işler durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda ilat arasynda köp islegden peýdalanýan kompaniýanyň «shop.post.tm» elektron söwda platformasy önüm öndürijiler bilen bir hatarda, satyn alyjylar üçin hem oňyn şertleri döredýär.
Söwda platformasy raýatlaryň öýlerinden çykmazdan, gerekli harytlary bilen tanyşmaga, satyn almaga we sargyt etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem mobil programmada geçirilýän ähli aksiýalar, arzanladyşlar barada habarly bolmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda platformada harytlaryň müňlerçe görnüşleri ýerleşdirildi.
Bulardan başga-da, raýatlar «Türkmenmetbugat» programma üpjünçiliginde pudaklaýyn dolandyryş we beýleki edaralaryň garamagyndaky gazetlerine we žurnallaryna hem-de Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetlerine ýazylmak mümkinçiliginden işjeň peýdalanýarlar.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ylmyň, bilimiň, sanly ulgamyň özara baglanyşykly bolmagyny gazanmak, ýaşlaryň bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan «Ekitap» programma üpjünçiligi döredildi.
Häzirki wagta bu programma üpjünçiligi elektron kitaphanasy hökmünde, ýurdumyzyň kitaphanalarynda bar bolan kitaplaryň onlaýn neşir we audio görnüşlerini özünde jemleýär. Bu işler ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny özleşdirýän, giň dünýägaraýyşly, ýokary taýýarlykly hünärmenleri kemala getirmäge hyzmat edýär. Netijede, sanly tehnologiýalara esaslanýan täzeçil çemeleşmeler ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň berk binýadyna öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan çäreler poçta hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge hem-de elektron söwdanyň ösüşine itergi bermäge gönükdirilendir. Bu işler ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek, telekeçiligi goldamak we ilata döwrebap hyzmatlary hödürlemek boýunça döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Aragatnaşyk pudagyny özgertmekde giň şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys!
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!
26.02.2026
«Туркментелеком» напоминает о возможности онлайн-заявки на техподдержку
19.02.2026
Türkmenistanyň hemrasy 1,2 milliarddan gowrak ulanyjy üçin aragatnaşygy üpjün edýär
19.02.2026
Туркменистан развивает телекоммуникации и цифровую экономику
09.02.2026
Türkmenistan üç sany täze serhetüsti optiki-süýümli aragatnaşyk ugurlaryny gurýar
05.02.2026
Туркменистан и SpaceX обсудили перспективы сотрудничества в сфере спутниковой связи
01.02.2026
Türkmenistanda milli emeli aň strategiýasy taýýarlanylýar
31.01.2026
Aşgabatda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär
30.01.2026
Ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagy –innowasion ösüş ýolunda
30.01.2026
Täze mümkinçilikler: Wirtual serweriň ätiýaçlyk nusgalaryny döretmek we domen dolandyryşy!
24.01.2026
Туркменистан запустил новый этап цифровой трансформации до 2028 года
20.01.2026
Портал e.gov.tm предлагает онлайн-оформление банковских карт
19.01.2026
Sanly.tm portaly işewürligi sanlylaşdyrmaga we maglumatlaryň goragly alyş-çalyş edilmegine ýardam berýär
12.01.2026
Elmydama aragatnaşykda: Aşgabatda we welaýatlarda TELECOMWIFI giriş nokatlaryny nireden tapmaly
31.12.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady
28.12.2025
Türkmenistanlylar döwlet Baştutanyny gutlaýarlar
26.12.2025
Aragatnaşyk ministrligi we «Mitsubishi» kompaniýasy Türkmenistanda sanly tehnologiýalary bilelikde ösdürerler
08.12.2025
Студентов Политехнической средней профессиональной школы Минсвязи наградили за успехи в науке и спорте
06.12.2025
ПРООН в Ашхабаде организовала тренинги по кибербезопасности и AI в цифровом госуправлении
26.11.2025
Туркменистан и Казахстан построят трансграничную волоконно-оптическую линию
25.11.2025
Astana duşuşygy: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
21.11.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11.2025
BMGÖM Türkmenistanda döwlet dolandyryşynyň sanly özgertmelerini ilerletmäge ýardam edýär
13.11.2025
Türkmenistan sanly özgertmeleri ösüşiň strategiki ugry hökmünde kesgitledi
13.11.2025
Aragatnaşyk ministri: Türkmenistan startaplar we EA-işgärleri üçin merkezi döredýär
13.11.2025
Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekdi
13.11.2025
Türkmenistan bilen Estoniýa sanly hyzmatdaşlyk barada Ähtnama baglaşdy
13.11.2025
Türkmenistanda «akylly» Arkadag şäheriniň pawiliony görkezildi
12.11.2025
Türkmenistanda pudagara gatnaşyklaryň sanlylaşdyrylmagy boýunça taslama durmuşa geçirilýär
12.11.2025
Aşgabatda «Türkmentel — 2025» we «ITTC — 2025» forumlary öz işine başlady
12.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmentel — 2025» we «ITTC — 2025» forumlaryna gatnaşyjylary gutlady
09.11.2025
Aşgabatda «Türkmentel — 2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler
04.11.2025
Aşgabatda «Türkmentel–2025» forumynda sanlylaşdyrma we işewürlik başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşylar
27.10.2025
Aşgabatda «Türkmentel — 2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler
17.10.2025
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
11.10.2025
Ашхабад в фокусе инноваций - компании из 40 стран представляют прорывные решения
09.10.2025
Türkmenistan noýabrda tehnologiýa we ulag pudagynda halkara dialogyň merkezine öwrüler
09.10.2025
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklandy
05.10.2025
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
04.10.2025
Aragatnaşyk, dokma we suw hojalygy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşinde öňdebaryjy boldylar
04.10.2025
Prezidentimiziň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşyna bagyşlanyp maslahat geçirildi
26.09.2025
Türkmen wekiliýeti sanly özgertmeler boýunça Estoniýanyň tejribesini öwrendi
27.08.2025
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy sanly özgertme boýunça okuw geçirýär
25.08.2025
Türkmen höwesjeň ýaşlarynyň 50-ä golaýy sumo boýunça robotlaryň göreşine gatnaşdy
20.08.2025
Arkadag «TIF-2025» forumynda «akylly» we ekologik taýdan arassa şäheriň nusgasy bolar
18.08.2025
Wirtual serwerleriň ätiýaçlyk göçürmeleriniň mümkinçilikleri
18.08.2025
Türkmenistanda ýaş inženerleriň arasynda bäsleşik geçirildi
28.07.2025
Türkmenistan döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary alyşmak üçin X-Road ulgamyny işe girizdi
11.07.2025
BMG-niň forumynyň gatnaşyjylar üçin Türkmenistanda «Awaza AI» atly wirtual kömekçi işe girizildi
09.07.2025
Aşgabatda aragatnaşyk we awiasiýa pudagynyň bilermenleri ýaş hünärmenler bilen duşuşdylar