BMGÖM Türkmenistanda döwlet dolandyryşynyň sanly özgertmelerini ilerletmäge ýardam edýär


14.11.2025

Ozal biz Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Estoniýa Respublikasynyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň sanly dolandyryş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekendiklerini habar beripdik.

Bu Ähtnama BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) «Türkmenistanda pudagara elektron aragatnaşyk ulgamynyň synag ulgamyny ornaşdyrmaga ýardam etmek» taslamasynyň çäklerinde gol çekildi. Ol döwlet dolandyryşynyň sanly özgertmeleri babatynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem ýöriteleşdirilen okuw we maslahat hyzmatlaryny bermäge gönükdirilýär.

Ähtnama «Türkmentel-2025» atly telekommunikasiýalar, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we tele-radio aragatnaşygy boýunça halkara serginiň we ylmy maslahatynyň çäklerinde gol çekildi. Bu waka sanly başlangyçlary ilerletmekde we ýurduň innowasiýa pudagyndaky mümkinçiliklerini berkitmekde strategiki ähmiýete eýe bolup durýar — diýip, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan şeýle belledi:

«Biz bu strategiki hyzmatdaşlygyň döredilmegine ýardam etmekden hoşaldyrys. Bu ýurt üçin sanly dolandyryş ulgamyndaky mümkinçilikleri berkitmäge, bilim alyşmaga we döwlet dolandyryşynyň hem-de sanly özgertmeleriň ösüşine ýardam edýän innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga mümkinçilik berer».

Ähtnama gol çekilmegi BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistanda sanly özgertmeleri goldamak boýunça giň gerimli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde ýene bir möhüm ädim boldy.

BMGÖM öz global Sanly strategiýasynyň çäklerinde ýurtlara inklýuziw, durnukly we howpsuz sanly ekoulgamlary ösdürmäge ýardam edýär. Türkmenistanda bu iş pudak edaralarynyň mümkinçiliklerini berkitmäge, sanly başarnyklary ösdürmäge, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we raýatlaryň sanly hyzmatlara deň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn