Türkmen wekiliýeti sanly özgertmeler boýunça Estoniýanyň tejribesini öwrendi


26.09.2025

15 — 20-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de beýleki esasy ministrlikleriň wekillerinden düzülen wekiliýet okuw sapary bilen Estoniýa Respublikasynda boldy.

Bu sapar BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň bilelikdäki «Türkmenistanda döwlet edaralarynyň arasyndaky elektron arabaglanyşygyň özbaşdak ulgamyny ornaşdyrmaga ýardam bermek» atly taslamasynyň çäginde guraldy.

 

Türkmenistanyň wekiliýeti dünýäde giňden ykrar edilen Estoniýanyň sanly öwrülişik modeli bilen tanyşdy. Tanyşlykda aýratyn üns «X-Road» platformasyna — elektron dolandyryş üçin ygtybarly we sazlaşykly esasa gönükdirdi.

Estoniýanyň tejribesi türkmen wekiliýetine sanly şahsyýet, «X-Road» arhitekturasy, kiberhowpsuzlyk, maglumat dolandyryşy we döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygynyň orny baradaky möhüm maglumatlary berdi. Saparyň dowamynda döwlet hyzmatlarynda emeli aňyň ulanylmagy, «e-Residency» we «eID» ýaly serhetara çözgütler, şeýle hem «Ýaşyl» maglumatlary gaýtadan işlemek merkezi» atly durnukly infrastruktura görkezildi diýip, BMGÖM-iň metbugat beýanatynda bellenilýär.

 

Wekiliýetiň agzalary üçin öňdebaryjy eston hünärmenleri tarapyndan giňişleýin okuw sapaklary geçirildi, sanly hyzmatlaryň integrirlenen görnüşleri we hakyky tejribeler tanyşdyryldy.

BMGÖM-niň goldawy bilen Türkmenistanyň on sany ministrliginde Elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň üstünlikli ornaşdyrylmagyndan hem-de 12 maglumat ulgamynyň oňa integrirlenmeginden soň, bu okuw sapary milli mümkinçilikleri giňeltmäge, sanly hyzmatlary kämilleşdirmäge gönükdirildi.

 

Alnan bilimleriň we tejribäniň ýurtda sanly ulgamyň ösdürilmegine hem-de Türkmenistanda döwlet hyzmatlarynyň sanly görnüşde kämilleşdirilmegine möhüm goşant goşmagyna garaşylýar.

BMGÖM-iň Türkmenistanyň bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde amala aşyrylýan bu başlangyç ýurtda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny we 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny goldap, ýurtda sanly öwrülişigini çaltlandyrmaga, maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmäge, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmaga, kiberhowpsuzlygy berkitmäge we innowasion ösüşi höweslendirmäge ýardam berýär.


 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn