Türkmentelekom Bot

Türkmenistanda Özbegistanyň ÝOM-larynyň sergisini geçirmek teklip edildi


26.06.2025

25-nji iýunda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim we ylym ugurlaryndaky özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berildi.

Duşuşykda Daşkendiň irrigasiýa we oba hojalygyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň 17 agzadan ybarat wekiliýetiniň okuw-tejribe maksatly häzirki wagtda dowam edýän Türkmenistana sapary hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeli mysaly hökmünde görkezildi. Bu on günlük saparyň dowamynda özbek talyplary we mugallymlary Türkmenistanyň agrosenagat toplumynda tejribe geçerler.

Şeýle-de şu ýylyň iýul aýynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekiliýetiniň Özbegistana okuw-tejribe saparyna iberilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýratyn nygtaldy. Taraplar bu özara saparlaryň iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berjekdigine ynam bildirler.

Türkmen tarapy duşuşykda ýurduň bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrdy. Hususan-da, sanly we innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, bilim infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejede abraýynyň artmagy bilen bagly alnyp barylýan işler barada durlup geçildi. Şeýle-de emeli aň tehnologiýalarynyň bilimde peýdalanylmagy hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglerde gazanýan üstünlikleri aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda iki ýurduň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň halkara olimpiadalaryna gatnaşmagy bilen bagly meseleler hem agzaldy.

Öz gezeginde, özbek tarapy Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky dolandyryş tejribesine, sanly menejment ulgamlaryna gyzyklanma bildirdi. Şeýle-de döwlet we hususy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we Türkmenistanda Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda sergi – «Uniwersitetleriň ýarmarkasyny» guramaklyk teklip edildi. Bu başlangyjyň bilim ulgamynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň döremegine itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Özbegistanyň bilim we ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahata we sergä gatnaşmaga çagyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn