Türkmentelekom Bot

Türkmenabatda «Onlaýn taksi» hyzmaty gije-gündizleýin işläp başlady


15.06.2025

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenabatda şäher taksisiniň döwrebap hyzmaty – «Onlaýn taksi» işe girizildi. Taksini sargyt etmek üçin 0655 gysga belgä jaň etmek ýeterlik. Hyzmat gije-gündiz elýeterlidir.

Taslama «Lebap awtoulag» önümçilik birleşigi tarapyndan «Awtomobil Ulag Hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde amala aşyrylyp, welaýatda ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu hyzmat şäher boýunça çalt we amatly gatnaw mümkinçiliklerini hödürläp, ýolagçylaryň rahatlygyny üpjün edýär.

Üstünlikleriniň biri – awtomatlaşdyrylan habar beriş ulgamy: müşderiler sargydyň tassyklanandygy we ulagyñ gelip ýetjek wagty baradaky maglumatlary SMS arkaly alýarlar. Munuň özi ugurlary netijeli meýilleşdirmäge we garaşma wagtyny azaltmaga mümkinçilik berýär.

Agentligiň maglumatyna görä, «Onlaýn taksi» hyzmatynyň Türkmenabatda işe girizilmegi paýtagtda üstünlikli başlan bu hyzmatyň dowamydyr. Bu hyzmat eýýäm Aşgabatda oňyn teswirleri aldy we indi Lebap welaýatynda giňelmegini dowam etdirýär, bu bolsa şäher infrastrukturasy bilen transport elýeterliligini ösdürmäge goşant goşýar.

 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn