31.05.2025
Hormatly Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Jorja Meloni!
Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary!
Wekiliýetleriň agzalary!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe şu foruma çagyrandygy, myhmansöýerligi we işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Şeýle hem Italiýa Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy hormatly hanym Jorja Melonä «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşdäki birinji sammiti geçirmek baradaky başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Şu duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn. Türkmenistan geljegi uly bolan bu görnüşiň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär we ony ösdürmäge öz goşandyny goşmaga taýýardyr.
Häzirki döwürde Merkezi Aziýa döwletleri sebitiň durnukly we depginli ösüşini üpjün etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, öz aralarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Astanada 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça gol çekilen Bilelikdäki Beýannama we «Merkezi Aziýa — 2040» atly sebit kooperasiýasynyň Konsepsiýasy oňa şaýatlyk edýär. Olar uzak möhletli döwür üçin Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Sebit hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürdäki has möhüm ugurlarynyň hatarynda syýasat we howpsuzlyk, ykdysadyýet, ulag, howa, suw serişdeleri ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy bellemek bolar.
Howpsuzlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu möhüm ugra onuň bitewüligi we bölünmez häsiýeti nukdaýnazaryndan seredýändigini bellemek isleýärin. Bu häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryň dünýä gurluşynda düýpli öňe gitmeleriň şaýady bolýan döwrümizde aýratyn möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, biz durnukly howpsuzlygy üpjün etmegiň ýeke-täk hemmetaraplaýyn usulynyň Birleşen Milletler Guramasy ulgamy bolup durýandygyna ynanýarys. Şu garaýyşdan ugur alyp, Türkmenistan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklip bilen çykyş etdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň mart aýyndaky Kararnamasy bilen makullanan bu başlangyjy goldanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirýärin.
Şunuň bilen bir wagtda, Türkmenistan Bitaraplygyň mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn üns bermegi möhüm hasaplaýar. Bitaraplyk öňüni alyş diplomatiýasynyň düzüm böleklerini we işjeň parahatçylyk döredijilik işini öz içine alýar. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, halkara forum geçiriler. Bu forumda dünýä gurluşy, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen syýasy dialogyň medeniýetini ösdürmek, ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmek babatda esasy meselelere serediler. Mümkinçilikden peýdalanyp, sammite gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ählisini bu foruma gatnaşmaga çagyrýaryn.
Sebit howpsuzlygy barada aýdylanda, Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns bermek zerurdyr. Türkmenistan Owganystanyň häzirki häkimiýetleri bilen halkara dialogy ýola goýmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegi möhüm hasap edýär. Biz durnukly we ykdysady taýdan ösýän Owganystanyň bütin halkara bileleşigiň bähbitlerine laýyk gelýändigine ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy, owgan ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygy ýaly iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de zerur tagallalary eder. Şeýle hem owgan halkyna ynsanperwer kömegi bermek boýunça tagallalary işjeňleşdirmegi zerur hasaplaýarys.
Şu görnüşiň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk barada hem bellemek isleýärin. Bu ugurda özara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda däp bolan pudaklar — energetika, ulag, senagat, maliýe we hususy pudaklar, şeýle hem sanly ulgam, «ýaşyl» tehnologiýalar we emeli aň ýaly täze ugurlar bar.
Şu ýerde energetika meselesini aýratyn bellemek isleýärin. Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ony halkara bazarlara ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, biz türkmen gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýäris.
Bilelikdäki işiň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hem wodorod energetikasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, tebigy gaz ýakyn onýyllyklarda wodorody almagyň esasy çeşmesi bolup galar. Biz bu ugurda italiýaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardyrys.
Ulag özara baglanyşygy barada aýdylanda bolsa, dünýä ulag ugurlaryny özgertmegiň häzirki tapgyrynda biziň Aziýa — Ýewropa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigimizi bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazar sebitiniň üstünden geçýän «Orta geçelge» Ýewropa taslamasy geljegi uly taslamalaryň biridir.
Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri-de ekologiýa we howa bolup durýar. Bar bolan senagat kuwwatlyklarynyň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, sebitde suwdan rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrülip biler. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Howa tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmek boýunça başlangyjymyzy bellemek isleýärin.
Hyzmatdaşlygymyzyň medeni-taryhy ugruny aýratyn bellemek zerurdyr. Italiýanyň Merkezi Aziýa bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň tejribesi iki müň ýyldan gowrak wagta uzalyp gidýär. Gadymy Rim bilen Parfiýa şalygynyň arasyndaky gatnaşyklar hem taryhda uly yz galdyrdy. Parfiýanyň paýtagtlarynyň biri häzirki Türkmenistanyň paýtagtynyň golaýynda ýerleşen Nusaý şäheri bolupdyr. Şeýle hem XIII asyrda Merkezi Aziýa gelen we hakykatda biziň sebitimizi beýleki Ýewropa ýurtlary üçin açan wenesiýaly Marko Polonyň işleri uly taryhy gymmatlyga eýedir. Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwrüni aýratyn bellemek zerurdyr. Hytaý Sianyndan gaýdyp, Rime we Wenesiýa çenli baran bu ýol Merkezi Aziýanyň çäginden geçipdir. Biziň halklarymyzyň şeýle özboluşly taryhy mirasy aýawly saklanmaga we doly öwrenilmäge degişlidir.
Biz Türkmenistanda eýýäm otuz ýyldan gowrak wagt bäri italiýaly arheologlaryň netijeli işleýändiklerini uly kanagatlanma bilen belleýäris. Olar ikitaraplaýyn ylmy özara hyzmatdaşlyk işine möhüm goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, biz Rimde «Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar» atly arheologik sergini guramagy maksat edinýäris. Bu serginiň halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna örän uly goşant goşjakdygyna ynanýarys.
Bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly bolan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky we akademiki hyzmatdaşlygy goldaýarys. Türkmenistanda italýan dilini öwrenmäge, italýan medeniýetine we sungatyna uly gyzyklanma bildirilýär. Biz bu işe mundan beýläk-de ýardam ederis.
Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede hem, «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň çäklerinde hem mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge eýerýändigini ýene-de bir gezek tassyklamak isleýärin.
(Astana şäheri, 2025-nji ýylyň 30-njy maýy)
31.05.2025
Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyna» 517 adam gatnaşdy
31.05.2025
«Belet film»: Sanly platformalaryň mümkinçilikleri artýar
31.05.2025
Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Italiýa” Sammitiniň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
31.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
30.05.2025
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
30.05.2025
Gurban baýramy mynasybetli 8-nji iýundaky dynç güni 9-njy iýuna geçirildi
29.05.2025
Türkmen metbugatynyň wekilleri Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýarlar
29.05.2025
Daşoguzdaky sargy serişdelerini öndürýän kärhanada 3 million manatlyga golaý önüm öndürildi
29.05.2025
Türkmenistan bilen BMG durnukly ösüş pudagynda hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar
29.05.2025
Türkmenistan Daşkentde geçirilen sebitleýin foruma gatnaşdy
29.05.2025
Türkmen wekiliýeti «Çagalar üçin dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF» atly ýokary derejeli foruma gatnaşdy
28.05.2025
Halkymyzyň abadançylygy baradaky alada — döwlet syýasatynyň wajyp ugry
28.05.2025
Eýranyñ nebit däl önũmleriniñ Türkmenistana eksport möçberi ýokarlandy
28.05.2025
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
28.05.2025
Aşgabatda Gruziýanyň Garaşsyzlyk güniniň 34 ýyllygy bellendi
28.05.2025
Türkmenistanyň ilçisi bilen Sukuba uniwersitetiniň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi
28.05.2025
Gruziýa Türkmenistan bilen göni uçar gatnawlaryny açmaga taýýardyr – ilçi Sabiaşwili
27.05.2025
«Daýhanbank» daşary ýurtda okaýan talyplar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär
27.05.2025
Türkmenistan bilen Kataryň arasynda futbol hyzmatdaşlygy barada şertnama gol çekişildi
27.05.2025
Türkmenistan Bakuda geçirilýän türki dünýäsiniň IV Edebiýat we kitap festiwalyna gatnaşýar
27.05.2025
Aşgabat we Pekin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
26.05.2025
Aragatnaşyk pudagynda zähmet çekýän ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgelerini mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan wagyz-nesihat çäresine gatnaşdylar
26.05.2025
Türkmenistana hojalyk jemagaty pudagy üçin hytaý kompaniýasynyň täze tehnikasy getiriler
26.05.2025
Türkmen döwlet uniwersitetinde Gawr uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
26.05.2025
Aşgabat şäheriniň häkimligi jemagat hyzmatlaryna ýöriteleşdirilen awtoulaglary satyn alar
26.05.2025
Serdar Berdimuhamedow 12 ýyllyk okuw maksatnamalary boýunça bilim alan ilkinji uçurymlara Gutlag iberdi
25.05.2025
Türkmenistan täze nebit we gaz ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça işleri güýçlendirýär
25.05.2025
Türkmen halylary Tbilisidäki sergide görkezildi
25.05.2025
Ženewada geçirilen ýaş liderleriň maslahatynda Türkmenistan özüniñ başlangyçlary bilen tanyşdyrdy
24.05.2025
Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak üçin raýat awiasiýasyny döwrebaplaşdyrýar
24.05.2025
Pekinde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlyklarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
24.05.2025
Türkmenistan we BMG geljek bäş ýyldaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýärler
23.05.2025
"Türkmentelekom" köpçülikleýin ýerlerde, howa menzillerinde we şypahanalarda Wi-Fi mümkinçiligini hödürleýär
23.05.2025
Aragatnaşykçy ýaşlaryň arasynda «Öz hünäriniň ussady» atly bäsleşik geçirildi
23.05.2025
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda söwda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
23.05.2025
Türkiýäniň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň başlygy Türkmenistanda saparda bolýar
23.05.2025
Türkmenistanyň ilçisi Belarusdaky türkmen talyplary bilen duşuşdy
22.05.2025
Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawlarynyñ sany köpeldildi
22.05.2025
Aşgabada Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň wekiliýeti geldi
21.05.2025
20-nji maýdan başlap Aşgabat - Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy işe girizilýär
21.05.2025
«Belawia» gatnawlaryny wagtlaýynça Türkmenbaşydan Balkanabat howa menziline geçirýär
20.05.2025
Kuala-Lumpuryň merkezi meýdançasynda Türkmenistanyň baýdagy ýerleşdirildi
20.05.2025
Türkmenistanda üstaşyr ýük dolanyşygyñ ösüşi hasaba alyndy
20.05.2025
«Turkish Airlines» gatnaw ugurlaryna Sewilýa şäherini goşup, Ispaniýa uçuşlaryny artdyrýar
20.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Rim Papasyny gutlady
20.05.2025
ÇaparPay bilen Hiňlen dünýäsini açyň: söýgüli sazyňyz indi has elýeterli boldy
20.05.2025
Täze açylan Balkanabat Halkara howa menzili içerki uçuşlary kabul edip başlady
19.05.2025
Türkmenistanly ýaş şahyrlar Gyrgyzystandaky halkara festiwala gatnaşarlar
19.05.2025
Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar