Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky fiziki şahslar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär. Bu ulgam milli walýutany daşary ýurt walýutasyna çalşyp, Visa we MasterCard halkara kartlarynyň hasaplaryny onlaýn düzgünde doldurmaga mümkinçilik berýär.
Bankyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, bu hyzmat daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan raýatlar, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden daşarda lukmançylyk barlagyna we bejerişlere mätäç bolan adamlar üçin niýetlenendir.
«Menzilara bank» ulgamyna goşulmak üçin raýatlar banka bir gezek baryp, tölegler bilen baglanyşykly resminamalaryň asyl nusgalaryny görkezmelidirler, şeýle hem daşary ýurt walýutasynda depozit hasabyny açmak we ulanyjy döretmek üçin ýüz tutmalydyrlar.
Şondan soň müşderiler bankyň resmi internet sahypasynda www.dayhanbank.gov.tm «Onlaýn tölegler» bölüminiň üsti bilen sanly hyzmatlaryň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.
Jikme-jik maglumatlary almak üçin raýatlar bankyň merkezi edarasyna ýa-da şahamçalaryna şu telefon belgilerine jaň edip, ýüz tutup bilersiňiz: 38-03-57, 38-03-63, 38-03-84, 38-01-37.