Türkmentelekom Bot

Eýranyñ nebit däl önũmleriniñ Türkmenistana eksport möçberi ýokarlandy


28.05.2025

Dowam edýän eýran ýylynyñ birinji aýynda (2025-nji ýylyñ 21-nji marty - 20-nji apreli) Eýranyñ nebit däl önümleriniñ Türkmenistana eksporty geçen ýylyñ meñzeş döwri (2024-nji ýylyñ 20-nji marty - 19-njy apreli) bilen deñeşdirilende baha möçberinde 3,1 % hem-de agram babatda 2,1 % ýokarlandy.

Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyñ Gümrük dolandyryşyna salgylanyp, eýran köpçülikleýin habar beriş serişdeleri belleýär. Berilýän maglumatlara görä, Eýran Türkmenistana umumy bahasy 26,9 mln ABŞ dollary bolan 104 müñ tonna golaý nebit däl önümleriniñ eksportyny amala aşyrdy. Statistikanyñ görkezişi ýaly, geçen ýylyñ birinji aýynyñ dowamynda Eýranyñ Türkmenistana eksport eden nebit däl önümleriniñ möçberi umumy bahasy 26,1 mln ABŞ dollaryna barabar bolan 102 müñ tonna golaý boldy.

Oba hojalyk we azyk önümleri, senagat harytlary, transformatorlar, suw sowadyjylary, nebit-himiýa önümleri we beýleki harytlar eksport edildi. Statistika maglumatlaryna laýyklykda, birinji aý üçin Eýranyñ Türkmenistan bilen nebit däl haryt dolanyşygynyñ möçberi 105 müñ tonna golaý bolup, ol 27,4 mln ABŞ dollaryna deñ boldy. Haryt dolanyşygy geçen ýylyñ şol bir aýy bilen deñeşdirilende baha möçberinde 3 % we agram babatda 2,5 % ýokarlandy.

Eýranyñ Gümrük dolandyryşynyñ hasabatyna görä, bir aýyñ dowamynda Eýranyñ umumy bahasy 2,94 mlrd dollara barabar bolan 8,95 mln tonna nebit däl önümleri eksport edendigini bellemeli.

Geçen eýran ýylynda (2024-nji ýylyñ 20-nji marty - 19-njy apreli) Eýranyñ nebit däl önümleriniñ Türkmenistana eden eksporty 1,36 mln tonna bolup, onuñ bahasy 445 mln dollardan gowrak boldy.

 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn