Türkmentelekom Bot

Türkmenistan Bakuda geçirilýän türki dünýäsiniň IV Edebiýat we kitap festiwalyna gatnaşýar


27.05.2025

Azerbaýjanyñ Milli ylymlar akademiýasynyň baş binasynyň öňündäki Ylymlar akademiýasynyň seýilgähinde türki dünýäsiniň IV Edebiýat we kitap festiwalynyň (IV LitBookFest) dabaraly açylyşy boldy. Bu halkara medeni çärä Türkmenistan hem gatnaşýar.

Bu çäre Türki dünýäniň Halkara ýazyjylar bileleşigi tarapyndan Azerbaýjanyň jemgyýetçilik we ylmy guramalarynyň goldawy bilen gurnaldy. Festiwal türki ýurtlaryň wekillerini – alymlary, ýazyjylary, neşirýat we medeniýet işgärlerini birleşdirip, ruhy bitewülik, edebi we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Festiwalyň maksatnamasynda her bir gatnaşyjy ýurda aýratyn üns berilýär. Hepdäniň dowamynda Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Wengriýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň günleri geçiriler. Türkmenistanyň güni kitaplaryň tanyşdyrylyşy, şygryýet duşuşyklary we medeni çykyşlar bilen belleniler. Bu çäreler türkmen halkynyň baý edebi mirasyny we milli aýratynlyklaryny açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Festiwalyň çäklerinde el işleriniň sergileri, konsert maksatnamalary, tanymal türki ýazyjylaryň ýubileýlerine bagyşlanan maslahatlar we duşuşyklar hem geçirilýär. Festiwal 1-nji iýunda geçiriljek türki dünýäniň ilkinji çagalar festiwaly bilen tamamlanar.

Türkmenistanyň şeýle halkara medeni çärä gatnaşmagy ýurduň doganlyk halklar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga we milli edebi mirasy halkara derejesinde wagyz etmäge bolan islegini görkezýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn