Türkmentelekom Bot

Aragatnaşyk pudagynda zähmet çekýän ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgelerini mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan wagyz-nesihat çäresine gatnaşdylar


26.05.2025

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini dabaralandyrmak, sport bilen meşgullanmak we ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

26-njy maýda, «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň mejlisler jaýynda geçirilen çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, saglygy goraýyş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda ýaşlaryň sporta bolan söýgüsini has-da artdyrmak we olarda saglyk üçin zyýanly endiklere garşy durmak ukybyny berkitmek babatynda alnyp barylýan giň möçberli işler barada durlup geçildi.

Şeýle hem, sport bilen meşgullanmak üçin eziz Diýarymyzda döredilýän şertleriň ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn we giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin oňyn netije berýändigi bellenildi.

Aragatnaşyk pudagynda zähmet çekýän ýaşlar öz gezeginde, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.



Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn