Türkmentelekom Bot

Türkmen döwlet uniwersitetinde Gawr uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi


26.05.2025

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Fransiýa Respublikasynyň Gawr uniwersitetiniň wise-prezidenti Ž-N.Kastorionyň we Halkara aragatnaşyklar boýunça direktory P.Barteleminiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Fransiýa Respublikasynyň Gawr uniwersitetiniň wekilleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar hem-de wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Türkmen döwlet uniwersitetinde dürli ýyllarda beýleki daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda fransuz dili we edebiýaty hünäri boýunça hem ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygy bellenilip geçildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn