Türkmentelekom Bot

Türkmenistan täze nebit we gaz ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça işleri güýçlendirýär


25.05.2025

«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy ýurdumyzyñ günbatar we günorta sebitlerinde täze nebit hem-de tebigy gaz ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça işlerini işjeň alyp barýar. Bu barada wise-premýer Batyr Amanow 23-nji maýda, anna gününde Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.

Berlen maglumata görä, ýataklary ýüze çykarmak üçin häzirki zaman kuwwatly tehnikalar, seýsmiki enjamlar hem-de öňdebaryjy programma üpjünçiligi ulgamlary ulanylýar. Bu işleriň üstünlikli geçirilmegi geljekde ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň çykarylyş möçberiniň artdyrylmagyna mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerasty baýlyklary yzygiderli ýüze çykarmaga gönükdirilen ýokary hilli we netijeli geologik-gözleg işlerine aýratyn üns berilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasyna geljekde hem uglewodorod serişdeleriniň gözleg işlerini degişli derejede alyp barmagy hem-de çykaryş möçberini artdyrmaga gönükdirilen çäreleri geçirmegi tabşyrdy.



Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn