Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň ilçisi Belarusdaky türkmen talyplary bilen duşuşdy


23.05.2025

21-nji maýda Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň ilçisi N.Şagulyýew bilen ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda duşuşyk geçirilde. Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan çäre Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Çäräniň öňüsyrasynda ilçi N.Şagulyýew bilen Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory, professor S.P.Rubnikowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar ylym-bilim pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen talyplary üçin okuw prosesiniň hiline, Belarus Respublikasyndaky ýaşaýyş şertlerine we iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmagyň geljegine aýratyn üns berildi.

Dabaraly çärä rektoratyň wekilleri, uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary hem-de Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşygy Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça prorektory, professor W.W.Rudenok hem-de Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi N.Şagulyýew gutlag sözleri bilen açdylar.

Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna aýratyn ünsi çekdi we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler bilen tanyşdyrdy. Diplomat 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini nygtady.

Ilçi N.Şagulyýew talyplar bilen duşuşyk geçirip, onuň dowamynda Türkmenistanyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşup biljek ökde hünärmenleri taýýarlamagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Şeýle-de ýaş nesilde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watançylyk duýgusynyň kemala gelmegine we şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine aýratyn ünsi çekdi.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan tematiki wideoşekiller hödürlenildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn