Türkmentelekom Bot

Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda Rustam Minnihanow we Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşdy


17.05.2025

Şu gün Kazan şäherinde Türkmenistanyň halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, duşuşyk Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginden soňra geçirildi.

Tatarystanyň Baştutany özüniň «Telegram» kanalynyň üsti bilen Tatarystanyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew we Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikdäki suraty paýlaşdy. Ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazan şäheriniň hormatly myhmanydygyny belläp, Tatarystan bilen Türkmenistanyň diňe hyzmatdaş däl-de, ilkinji nobatda, dostlukly ýurtlardygyny belledi.

«Biziň aramyzda hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem bar. Hyzmatdaşlygymyza bildirýän ünsüňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Türkmenistan biziň üçin diňe hyzmatdaş däl-de, eziz dostumyzdyr» diýip, Rustam Minnihanow nygtady.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn