Türkmentelekom Bot

Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi


17.05.2025

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, Prezident Wladimir Putin «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum2025» XVI halkara ykdysady forumynyň möhüm ähmiýetini belläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşandygy üçin Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadag Prezident Wladimir Putini Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlap, Kazanda geçirilýän foruma gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostluk, ynanyşmakwe özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýangatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, işjeň döwletara dialogy mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Ýurtlar sebit we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn