07.05.2025
“Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl möhleti bolan uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine kabul edişligi yglan edýär.
Okuwlaryň tölegini “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan şertnama esasynda resmileşdirilýär. Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, telefon belgileri:23-47-88, 23-02-61.
Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine 4 ýyllyk uçarman kärine okadyljak dalaşgärleri saýlap almaklygyň Tertibi:
Okuwa Türkmenistanyň raýatlylygy bolan, saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň uçarmanlara bildirilýän (ICAO-nyň) talaplaryna gabat gelýän barlaglaryndan 15 günüň dowamynda geçmeli, umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuw “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ilkibaşlangyç söhbetdeşliginden, Türkiýe Respublikasynyň “Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginde (synag) we Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.
Okuwyň möhleti 4 ýyl.
Resminamalar bildirişiň çap edilen gününden başlap 15.07.2025 senä çenli kabul ediler.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— şahsy pasporty (asyl we göçürme nusgasy);
— harby şahadatnamasy (asyl we göçürme nusgasy);
— umumy orta, orta-hünär we ýokary bilim barada resminama (asyl we göçürme nusgasy;
— «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— mekdep okuwçylary dersler boýunça döwlet bäsleşigine, şeýle hem umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolan bolsa bu ýagdaýy tassyklaýan resminamalarynyň nusgasyny tabşyrýarlar.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary Iňlis dili (iňlis dilinde gürleşip, ýazyp, okap bilmek), matematika we fizika (bu dersler boýunça goşmaça geçilen okuwlaryň şahadatnamalary makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar.
Giriş synaglary 21.07.2025-10.08.2025ý seneler aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.
Bellik: Ähli synaglardan geçen dalaşgärler bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak barada 3 taraplaýyn (Awiakompaniýa, Talyp we Zamunçy) şertnama baglaşyljakdyr, şertnama laýyklykda, Talyp okuw degişli ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, işe başlanyndan soň Awiakompaniýada okan hünäri boýunça 10 ýyl işläp bermeklige borçlanýar.
Okuw üçin tölegler Awiakompaniýanyň hasabyna alnyp barylýar. Okuwdan daşary (wizany resmileşdirmek, saglyk ätiýaçlandyryş, günlik we iýmit, kommunikasiýa, şeýle hem okuw döwründe ýol üçin) çykdajylary dalaşgäriň hasabyna ýerine ýetiriljekdir.
11.07.2025
BMG-niň forumynyň gatnaşyjylar üçin Türkmenistanda «Awaza AI» atly wirtual kömekçi işe girizildi
09.07.2025
Aşgabatda aragatnaşyk we awiasiýa pudagynyň bilermenleri ýaş hünärmenler bilen duşuşdylar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
18.06.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
14.06.2025
«Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
02.06.2025
Türkmen hünärmenleri Özbegistanyň «ýaşyl» tehnologiýalar babatdaky tejribesini öwrenýärler
27.05.2025
«Daýhanbank» daşary ýurtda okaýan talyplar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär
09.05.2025
КЭ «Туркментелеком» агентства «Туркменарагатнашык» предлагает организациям услугу Колл-центра
08.05.2025
«Туркменарагатнашык» и «Туркменпочта» поздравили ветеранов
07.05.2025
«Türkmenaragatnaşyk» и Airbus договорились о партнерстве в космической сфере
07.05.2025
Koreýa Respublikasyna gitmegi meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlary üçin möhüm bildiriş
07.05.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Parižde Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşdy
07.05.2025
Türkmenistanyñ ilçisi Rimdäki Hakyda seýilgähiniñ açylyş dabarasyna gatnaşdy
07.05.2025
TNGIZT-iň eksport mümkinçiligi dünýä meýdançalarynda görkezilýär
06.05.2025
ÇaparPay goşundysynda «Döwlet söwda gözegçiligi gullugy» atly täze bölüm peýda boldy
06.05.2025
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri Ruse şäherine iş saparyny amala aşyrdylar
06.05.2025
Eýranda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
05.05.2025
Täze Balkanabat halkara howa menzili daşary ýurtly awia kompaniýalaryň uçarlaryna tehniki gonmalary amala aşyrmaga mümkinçilik berer
05.05.2025
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
05.05.2025
Gazagystanyň «Satti» atly göteriji ýüzýän buraw enjamy Hazar deňziniň türkmen kenarynda ulanylar
04.05.2025
Ärdogan: Türkmen gazy Hazar deñziniñ düýbi boýunça Türkiýä geçiriler
03.05.2025
"Türkmenistan" awiakompaniýasy halkara gatnawlaryñ tertibini täzeledi
03.05.2025
TNGIZT täze önümçilik kuwwatlyklaryny ulanyşa girizmäge taýýarlanýar
03.05.2025
Türkmenistan we Täjigistan özara söwdanyň möçberini artdyrmakçy
03.05.2025
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Seulyň arasynda yzygiderli uçar gatnawlaryny açýar
03.05.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
03.05.2025
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Açyk gapylar gününi geçirer
02.05.2025
Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda ulag hyzmatdaşlygy pugtalanýar
02.05.2025
Türkmenistan Awaza ugry boýunça ulag gatnawlary artdyrýar
02.05.2025
Türkmenistanda täze Halkara howa menzili açyldy
02.05.2025
Taýlanda uçýan Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna
01.05.2025
Turkish Airlines Stambul-Aşgabat ugry boýunça biletleriň aksiýasyny 23-nji maýa çenli uzaltdy
01.05.2025
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2-nji maýdan Moskwanyň Domodedowo howa menziline uçuşlaryny dowam etdirer
01.05.2025
ABŞ-da Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we bilim ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge bagyşlanan çäreleri geçirildi
01.05.2025
1-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
01.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
30.04.2025
«Turkish Airlines» «Miles and Smiles» programmasy bilen uçuşlary has-da amatly edýär
30.04.2025
Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler
30.04.2025
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda durnukly we energiýa taýdan netijeli gurluşygy goldamak boýunça täze taslamany ýola goýýar
30.04.2025
BAE döwletiniň işewürleri Türkmenistanyň biržasyndan gazbeton bloklaryny satyn aldylar
30.04.2025
Wise-premýer Atagulyýew Türkmenistan üçin halkara standartlarynyň görnüşlerini mälim etdi
30.04.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy
29.04.2025
Türkmenistanyň älem ulgamynyň gazananlary we geljegi
29.04.2025
Aşgabatda Kolumbiýa Respublikasynyň Ilçisi akkreditirlendi
28.04.2025
Arkadag şäherinde Ahalteke atlary şaýolunyň we «Taýçanak» binasynyň açylyş dabarasy boldy
28.04.2025
«Türkmenpoçtadan» çaparçylyk hyzmaty: Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin eltip bermegiň täze standarty