25.04.2025
2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň Magtymguly Pyragy auditoriýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp tegelek stol geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň, türkmen-gruzin parlamentara dostluk toparynyň başlygy A.Sarjaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti, Gruziýanyň Parlamentiniň wekilleri, bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Rektor Z.Honelidze tegelek stola gatnaşyjylary mähirli garşylap, giň gerimli türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtady. Şeýle hem ol Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwletimiziň deňhukuklylyk, özara düşünişmeklik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasaty hakynda belläp geçdi.
Tegelek stoluň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalary, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi K.Sabiaşwili, Gruziýanyň at gazanan žurnalisti B.Naçkebiýa, Suhumi döwlet uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary we medeniýetara aragatnaşyklar müdirliginiň ýolbaşçysy I.Dzaganiýa we beýleki gatnaşyjylar çykyş etdiler. Çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň diňe bir milli bähbitlere jogap bermän, eýsem dünýä we sebit derejesinde parahatçylygy döretmekde, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde netijeli gural bolup durýandygyny bellediler.
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bütindünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň görkezijisidigi barada nygtalyp geçildi.
Şeýle-de 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen bagly wajyp syýasy-diplomatik üstünlikdigi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny alandan bäri yzygiderli we gyşarnyksyz alyp barýan daşary syýasat ugrunyň logiki we kanunalaýyk netijesidigi hakynda bellenildi.
Mundan başga-da çykyş edenler türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň giňelmeginde we berkemeginde wajyp orny eýeleýän ýokary derejedäki saparlar dogrusynda hem belläp geçdiler. Hususan-da, 2024-nji ýylyň aprel aýynda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran sapary. 2025-nji ýylyň mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi sapary we şol saparyň çäklerindäki Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri arasynda geçirilen duşuşyk. Mundan başga-da, Gruziýanyň Zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi minitri M.Sarjweladzeniň sapary.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.
11.07.2025
BMG-niň forumynyň gatnaşyjylar üçin Türkmenistanda «Awaza AI» atly wirtual kömekçi işe girizildi
09.07.2025
Aşgabatda aragatnaşyk we awiasiýa pudagynyň bilermenleri ýaş hünärmenler bilen duşuşdylar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
18.06.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
14.06.2025
«Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
02.06.2025
Türkmen hünärmenleri Özbegistanyň «ýaşyl» tehnologiýalar babatdaky tejribesini öwrenýärler
27.05.2025
«Daýhanbank» daşary ýurtda okaýan talyplar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär
09.05.2025
КЭ «Туркментелеком» агентства «Туркменарагатнашык» предлагает организациям услугу Колл-центра
08.05.2025
«Туркменарагатнашык» и «Туркменпочта» поздравили ветеранов
07.05.2025
«Türkmenaragatnaşyk» и Airbus договорились о партнерстве в космической сфере
30.04.2025
«Turkish Airlines» «Miles and Smiles» programmasy bilen uçuşlary has-da amatly edýär
30.04.2025
Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler
30.04.2025
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda durnukly we energiýa taýdan netijeli gurluşygy goldamak boýunça täze taslamany ýola goýýar
30.04.2025
BAE döwletiniň işewürleri Türkmenistanyň biržasyndan gazbeton bloklaryny satyn aldylar
30.04.2025
Wise-premýer Atagulyýew Türkmenistan üçin halkara standartlarynyň görnüşlerini mälim etdi
30.04.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy
29.04.2025
Türkmenistanyň älem ulgamynyň gazananlary we geljegi
29.04.2025
Aşgabatda Kolumbiýa Respublikasynyň Ilçisi akkreditirlendi
28.04.2025
Arkadag şäherinde Ahalteke atlary şaýolunyň we «Taýçanak» binasynyň açylyş dabarasy boldy
28.04.2025
«Türkmenpoçtadan» çaparçylyk hyzmaty: Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin eltip bermegiň täze standarty
28.04.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
27.04.2025
Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi kesgitlenildi
27.04.2025
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
26.04.2025
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nah ýüplügine uly isleg bildirildi
26.04.2025
Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň we wezipeleriniň bitewi elektron portaly arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegini amala aşyryň
26.04.2025
Senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalary, düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň Tertibi tassyklandy
25.04.2025
«ÇaparPay»: sanly tölegler we hyzmatlar üçin ähli zerur zatlar bir ykjam programmada
25.04.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti gepleşikleri geçirdi
25.04.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy
25.04.2025
Türkiýäniň milli bilim ministri Ýusuf Tekin Aşgabada geldi
25.04.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
25.04.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidenti taryhy sergä baryp gördüler
25.04.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Samarkanda sapary tamamlandy
24.04.2025
15-nji maýda Aşgabat bilen Awazanyň arasynda awtobus gatnawy ýola goýlar
24.04.2025
Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi
24.04.2025
«Turkish Airlines»: Stambuldan Aşgabada uçuşlar üçin ýörite teklip
24.04.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow Yssyk-Kölüň etno toplumyna baryp gördüler
24.04.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Samarkanda sapary başlandy
23.04.2025
Türkmenistan «Galkynyş» känini özleşdirmek üçin maýa goýujylary çagyrýar
23.04.2025
ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi
23.04.2025
Türkmenistan we Gazagystan ulag-kommunikasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürýär
23.04.2025
Bakuwda geçiriljek konsertde türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýaňlanar
23.04.2025
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa we Kazan ugurlary boýunça uçuşlara başlar
23.04.2025
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: "BND 60/90" kysymly ýol bitumy, "SN-350" we "SN-600" kysymly esas ýagy we suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
23.04.2025
Kuala-Lumpurda TEIF 2025 forumy açyldy: Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri
22.04.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti resmi däl duşuşyk geçirdiler