«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa we Kazan ugurlary boýunça uçuşlara başlar


23.04.2025

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji maýdan Aşgabatdan Moskwa we Kazan şäherlerine uçar gatnawlaryny täzeden başlar – diýip, kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy uçuşlaryny täzeden başlaýar» — diýlip, habarda aýdylýar.

Täzeden başlanýan uçuşlara uçar biletleriň satuwlary eýýäm başlandy. Biletleri awiakompaniýanyň kassalaryndan satyn alyp bolýar – diýip, awiakompaniýanyň metbugat gullugy nygtaýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn