Türkmenistan bilen Gazagystan, özara telekommunikasiýa ulgamlaryny birikdirmek boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekdi

26.10.2021

Türkmenistan-Gazagystan telekommunikasiýa pudagyndaky iki ýurduň ulgamlaryny birleşdirmek maksady bilen, Türkmen-Gazak sebitinde kabel birikmesini döretmek meýilleşdirilýär. Bu ugur boýunça Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň garamagynda, "Türkmentelekom" EAK-nyň we «Jusan Mobile» PJ-nyň arasynda ikitaraplaýyn bähbitli ylalaşyga gol çekildi.

Täze kabel birikmesiniň döredilmegi, soňky tapgyrda iki ýurduň arasyndaky telekommunikasiýa ulgamlarynyň birleşmegine mümkinçilik döreder. Onuň üsti bilen Türkmenistanyň, Owganystanyň we Eýranyň ulgamlarynda internet traffigini guramak, şeýle hem Türkmenistandan Russiýa, Ýewropa ýurtlaryna we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna internet trafiginiň geçişini üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistan-Gazagystan telekommunikasiýa pudagyndaky bu hyzmatdaşlyk, sebitiň telekommunikasiýa pudagynda dünýä boýunça tutýan orun derejesini we degişli hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga ähmiýetli ýardamyny berer.

Täzelikler

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäne taýyn

Habarlaşmak üçin