Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly işe girizildi

28.11.2019

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini tamamlady.

«Türkmentel — 2019» halkara forumyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şu babatda döwlet hyzmatlarynyň we işleriniň ýeke-täk portalynyň işe goýberilmegi ähmiýetli waka boldy. Onuň tanyşdyrylyşy Aşgabatda «Türkmentel — 2019» sergisiniň birinji gününiň barşynda geçirildi.

Elektron döwlet hyzmatlaryndan doly peýdalanmak üçin her bir raýat öz şahsy otagyna registrasiýa arkaly girip biler. Häzirki günde resmi hasaba alnan ulanyjy döwlet hyzmatlarynyň resmi internet-portaly arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP-telewideniýe, demir ýol ýa-da howa petekleri hem-de beýleki hyzmatlar üçin öz bank kartynyň degişli maglumatlaryny girizmek bilen, tölegleri töläp biler.

"Hyzmatlar" penjirejiginde hyzmat ediş ugurlar görkezilen, ýagny:

  • - maglumat, aragatnaşyk we reklama;
  • - bilim we medeniýet;
  • - saglyk;
  • - pasport, registrasiýa, wiza;
  • - transport we sürüjilik;
  • - pensiýa, kömek puly we tutumlar;
  • - maşgala we çagalar;
  • - salgytlar we maýalar;
  • - iş we işlilik;
  • - medeniýet, boş wagt, sport;
  • - telekeçilik;
  • - jemagat hojalygy birleşigi;
  • - döwlet saýtlary.

Bu ugurlar boýunca her bir edara-kärhana ýerine ýetiryän hyzmatlary barada maglumatlary ýerleşdirerler. Bu bolsa öz gezeginde ilatymyz ücin ýerine ýetirilyän dürli görnüşli döwlet hyzmatlarynyň bir web-sahypanyň üsti bilen amala aşyrylmagyna we hyzmatlarynyň hiliniň has-da yokarlanmagyna ýol berer.

Täzelikler

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäne taýyn

Habarlaşmak üçin